Turkmenportal logo
Düýn 22:01
1277412774
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Surat: Surat: tdh.gov.tm

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Berger bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. 

Neda Berger türkmen halkynyň Milli Liderine duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu gezekki saparynyň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädim boljakdygyny aýtdy. 

Gahryman Arkadag hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, hanym Neda Bergeriň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hökmünde iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşýandygyny belledi. 

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylýandygy nygtaldy. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideriniň goldawy bilen döredilen «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň işine aýratyn üns çekildi. Neda Berger bu orkestriň Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän özboluşly sungat köprüsi bolup durýandygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Berger birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Awstriýa Respublikasyna sapary dowam edýär.