Turkmenportal logo
Şu gün 15:49
62906290
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Seulda türkmen-koreý DIM-ara syýasy geňeşmeler geçirildi

Şu gün Seul şäherinde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, koreý tarapyna bolsa Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary hanym Yý-He Sesiliýa Çang ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi, parlamentara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we şertnama-hukuk binýadynyň berkidilmegi bilen bagly giň möçberli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, şol sanda energetika, senagat gurluşygy, gämi gurluşygy, suw hojalygy, ulag we infrastruktura, şeýle hem daşky gurşawy goramak ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça utgaşdyrylan hereketleriň zerurlygyny belläp geçip, taraplar Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň hem-de Bilelikdäki türkmen-koreý işewürler geňeşiniň ornuny aýratyn bellediler.

Ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Şol sanda ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk we sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geňeşmeleriň jemleri boýunça taraplar türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar diýlip, habarda bellenilýär.