Turkmenportal logo
Düýn 11:07
1375613756
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşary ýurtly işewürler iki günüň dowamynda Türkmenistanyň biržasynda 54,4 million dollarlyk haryt satyn aldylar

7–8-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda daşary ýurtly telekeçiler umumy bahasy 54,4 million ABŞ-nyň dollaryndan gowrak bolan geleşikleri baglaşdylar.

Sişenbe güni, 7-nji aprelde daşarky bazarda owganystanly işewürler «Türkmenhimiýa» döwlet konserninden «EKO-93» kysymly awtobenzini satyn aldylar, Birleşen Arap Emirliklerinden bolan telekeçiler bolsa ýerli işewürler bilen birinji hilli bugdaý ununy satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler Dokma senagaty ministrliginden dokma önümlerini we nah ýüplügini satyn aldylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 15 446 000,00 manada we 54 142 000,00 ABŞ-nyň dollaryna barabar bolan 5 geleşik baglaşyldy.

Çarşenbe güni, 8-nji aprelde daşarky bazarda Türkiýeden we Azerbaýjandan gelen telekeçiler ýerli işewürlerden nah ýüplügini satyn aldylar. Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 273 166,22 ABŞ-nyň dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.