Turkmenportal logo
Şu gün 10:16
38463846
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň IT bazarynda elkitap atly kitap okamak we audiokitap diňlemek hyzmaty peýda boldy

Kitaplary okamak we diňlemek üçin niýetlenen täze elkitap ykjam goşundysy, işe başlanyndan gysga wagtdan soň türkmen App Store goşundysynyň «Kitaplar» derejesinde birinji orna çykdy. Bu hyzmat elektron kitaplary we audiokitaplary bir interfeýsde birleşdirýär hem-de aýlyk 35 manatlyk abuna töleginiň esasynda hödürlenýär.

Hyzmata tölegi goşundynyň özünden, şeýle hem ynamdar.com we wabrum.com internet dükanlarynyň üsti bilen paýlanýan sowgatlyk promokodlar arkaly geçirmek bolýar. Ony işläp düzüjiler ýönekeýlige aýratyn üns beripdirler: interfeýs ulanyjynyň birnäçe basyş bilen kitaby okamaga ýa-da diňlemäge başlamagyna mümkinçilik berýär.

Elkitap hyzmatynyň tapawutly aýratynlyklarynyň biri AI Summary funksiýasydyr — emeli aň kitabyň esasy pikirlerini jemläp, 15–20 sahypalyk gysgaça mazmuny taýýarlaýar. Bu gural, esasanam, wagty çäkli bolup, edebi täzeliklerden habarly bolmak isleýän okyjylar üçin niýetlenendir.

Mundan başga-da, goşundyda ulanyjylar üçin türkmen, türk, rus we iňlis dillerindäki elektron hem-de audiokitaplar elýeterlidir. Häzirki wagtda hyzmatyň kitaphanasynda 5000-den gowrak kitap bar we onuň katalogy her gün täze neşirler bilen baýlaşdyrylýar.

Ulanyjylaryň amatly bolar ýaly «Kitap teklip etmek» funksiýasy hem göz öňünde tutulandyr. Eger gerek bolan eser heniz kitaphanada ýok bolsa, bu kitap barada ulanyjy göni goşundynyň içinde ýüz tutup biler, birnäçe sagadyň dowamynda bolsa soralan kitabyň goşulandygy barada habar alyp biler.