Ozal habar berşimiz ýaly, 8-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Onuň dowamynda eden çykyşynda döwlet Baştutany ýurduň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda, Mary welaýatyny hem durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini, bu ýerde kuwwatly senagat kärhanalarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigini nygtady hem-de ýakyn günlerde bu künjekde taryhy taslamanyň — «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryna badalga beriljekdigini aýtdy. Bu barada TDH habar berýär.
«Biz geljekde hem ýurdumyzyň welaýatlaryny toplumlaýyn ösdürmek, döwrebap desgalary gurmak, täze önümçilikleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn işleri üstünlikli dowam etdireris. Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň, her bir maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdyr» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.