Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 23-nji aprelde talyplaryň arasynda iňlis dilinde «Bilelikde okaýarys!» (Read Together!) atly bäsleşik geçiriler.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy gününe bagyşlanan bu bäsleşik ýokary okuw mekdebiniň ÝUNESKO-nyň «Parahatçylyk medeniýeti» kluby hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Berkararlyk etrap geňeşi tarapyndan guralýar.
Bäsleşige ýurduň her bir ýokary okuw mekdebinden 3 sany talyp ýa-da magistrant gatnaşyp biler. Gatnaşyjylardan dünýä edebiýatynyň öz saýlan bir eseri boýunça tanyşdyryş (prezentasiýa) bilen çykyş etmek talap edilýär.
Gatnaşmak isleýänler saýlap alan eserleri boýunça çykyşlarynyň tekstini bäsleşigiň guramaçylyk komitetine ugratmalydyrlar. Habarlaşmak üçin telefon: +99312266160; E-mail: tdimddk@gmail.com.
Gatnaşyjylaryň tanyşdyryşlary mazmuny, gürleýiş ukyby, diliniň grammatik taýdan dogrylygy we suhangöýlik ussatlygy ýaly ölçegler esasynda bahalandyrylar.
Ýeňijileri garaşsyz eminler topary kesgitlär. Baş baýraga (Gran-pri), şeýle hem I, II we III orunlara mynasyp bolan talyplar degişli diplomlar we sowgatlar bilen sylaglanarlar.