Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Ýaşaýyş toplumy 800 gektar meýdanda ýerleşip, ol 22 500 ýaşaýjy üçin niýetlenendir diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.
Taslama laýyklykda jemi 4 500 sany jaý gurmak göz öňünde tutulýar: olaryň 2 müň 490-sy bir gatly bäş otagly we 2 müň 10-sy bir gatly üç otagly jaýlardyr. Täze şäherçe ýaşaýjylary ähli zerur düzüm bilen üpjün eder — bu ýerde geňeşligiň binasy, söwda merkezi, 500 orunlyk Medeniýet öýi, 1 müň orunlyk metjit, awtobus duralgasy, kuwwaty günde 15 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desga, mekdep, saglyk merkezi we hassahana gurlar.
Mundan ozal Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde 2026 — 2030-njy ýyllar aralygynda tapgyrlaýyn esasda täze döwrebap şäherçäni gurmak hakyndaky Karara gol çekipdi.