Turkmenportal logo
Şu gün 12:52
87438743
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
DIM: Türkmenistanyň Prezidenti sentýabrda Koreýa Respublikasynda saparda bolar

2026-njy ýylyň sentýabr aýynda Koreýa Respublikasynda geçiriljek ilkinji «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» sammitine gatnaşmak üçin Seulda saparda bolar. Bu sapar barada Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşykda habar berildi. 

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, diplomat çäräniň dowamynda dostlukly ýurtda bilim alýan türkmen ýaşlarynyň durmuşy we okuwy bilen gyzyklandy, şeýle-de duşuşyga gatnaşyjylara ýurduň durmuşynda bolup geçýän möhüm syýasy wakalaryň netijeleri barada giňişleýin maglumat berildi. Aýratyn-da, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti bellenilip geçildi.

Ahmet Gurbanow Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejä göterilýändigi barada aýratyn nygtady. Öňde boljak samitiň iki ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da berkitjekdigi bellenildi.

Duşuşykda döwletimiziň ýaşlara uly ynam bildirýändigi, olaryň döwrebap bilim almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň daşary işler ministriň orunbasary talyplaryň okuw ýetişigi we ýaşaýyş şertleri bilen gyzyklandy we olary gyzyklandyrýan meseleler boýunça özara sorag-jogap alyşdy.