Aşgabatda ilkinji gezek meşhur fransuz pianisti Kristin Fonlýuptyň konserti geçiriler. Ol Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikde çykyş eder.
Aýdym-sazly agşam 10-njy aprelde Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda geçiriler. Başlanýan wagty — sagat 19:00.
Konsertiň maksatnamasynda fransuz saz sungatynyň Klod Debýussi, Sesil Şaminad, Žorž Bize, Mel Boni, Moris Rawel ýaly görnükli nusgawy kompozitorlaryň eserleri ýerine ýetiriler.
Türkmenistandaky Fransuz institutynyň metbugat beýanatynda bellenilişine görä, Kristin Fonlýupt häzirki zaman fortepiano sungatynyň iň görnükli wekilleriniň biridir. Soňky döwürde ol Korto zalynda, Berlioz festiwalynda, Opera Komik teatrynda, Fransiýa institutynda, Bastiliýa amfiteatrynda, Pariž filarmoniýasynda, şeýle hem Komedi Fransez, Lýuserner, de Nell teatrlarynda we Awinýon festiwalynda çykyş etdi. Şeýle-de ol Ann Bake we Wilýam Mesgiş ýaly sungat işgärleri bilen bilelikde sahna çykdy.
Ol Fransiýanyň dürli künjeklerinde köp sanly konsertleri guraýan Arteka 11 assosiasiýasynyň çeper ýolbaşçysydyr. Mundan başga-da, Kristin Piano Orchestra taslamasynyň esaslandyryjysy bolup, Parižiň Milli konserwatoriýasynda, Alfred Korto adyndaky Adaty saz mekdebinde hem-de Sen-Mor-de-Fosse konserwatoriýasynda mugallymçylyk edýär.
Aşgabatda geçiriljek bu konsert nusgawy sazlaryň muşdaklarynyň ählisi tarapyndan ýokary baha beriljek möhüm medeni waka bolar.