Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň gök ekerançylary düýp soganyň, käşiriň we kelemiň ýazky ekişini üstünlikli tamamladylar. Etrap boýunça jemi 120 gektar meýdana sogan, 70 gektara käşir we 40 gektara kelem ekildi.
Şu ýazda welaýat boýunça diňe sogan ekmek üçin jemi 2 müň 200 gektar ýer bölünip berildi. Sebitiň ekerançylary agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly, her gektardan azyndan 250 sentner hasyl almagy meýilleşdirýärler. Welaýatda sogan we käşir güýzki möwsümde hem ekilýändigini bellemek gerek.
Welaýatyň ekerançylary her ýyl sarp ediş bazarlaryny ýokary hilli oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmäge uly goşant goşýarlar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.