Turkmenportal logo
Şu gün 08:43
68956895
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bilelikdäki türkmen-rus mekdebinde Kosmos hepdeligi geçirilýär

Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebinde 6-njy aprelde adamyň kosmosa ilkinji uçuşynyň 65 ýyllygyna bagyşlanan tematiki «Kosmos hepdeligi» başlandy.

Hepdeligiň maksatnamasy «Kosmos ýubileýi: missiýa amala aşyrylyp bilner» atly kwest bilen başlandy. Bu interaktiw sýužetli oýunda 5-nji synp okuwçylary wagtlaýynça gämileriň ekipaž agzalaryna öwrülip, mekdebiň içinde gurnalan dürli ýerlerde synaglardan geçdiler diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär. Kwestiň tabşyryklarynyň arasynda Ýuriý Gagariniň terjimehaly baradaky soraglar, astronomik tapmaçalar, tematiki pazllar, şeýle hem çydamlylygy we güýji barlaýan ýumuşlar boldy.

Hepdeligiň dowamynda mekdepde ýokary synp okuwçylary üçin intellektual wiktorinalar, astronawtikanyň häzirki zaman gazananlaryna bagyşlanan interaktiw leksiýalar we kosmosyň syrly giňişlikleri barada açyk sapak geçiriler.

Kosmos bilimleri marafonynda asly Türkmenistandan bolan meşhur kosmonawt Oleg Kononenkonyň keşbi aýratyn orun eýeledi. Onuň keşbini ýokary synp okuwçylarynyň biri janlandyrdy. Oleg Kononenko Türkmenabat şäherinde doglup kemala geldi. Şu günki günde ol älem giňişliginde bolmagynyň umumy dowamlylygy boýunça dünýä rekordçysydyr — ol älemde jemi 1 110 gije-gündiz, 14 sagat, 58 minut we 37 sekunt boldy. Onuň baý hünär ýoly türkmen mekdep okuwçylary üçin höweslendiriji görelde bolup, ýyldyzlara barýan ýoluň öz işine wepaly bolan her bir adam üçin açykdygyny subut edýär.