Turkmenportal logo
Düýn 22:26
1393213932
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze şäherçe gurlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçe gurlar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany bu resmminama «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen gol çekdi.

Resminama laýyklykda, bu şäherçäni 2026 — 2030-njy ýyllarda tapgyrlaýyn gurmak bellenildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligine guruljak täze, döwrebap şäherçäniň baş meýilnamasyny üç aý möhletde işläp düzmek, şäherçäniň binalarynyň we desgalarynyň gurluşyk işlerine gözegçilik etmek üçin öz garamagynda gurulýan binalaryň direksiýasyny bellenilen tertipde döretmek tabşyryldy.