Turkmenportal logo
Düýn 22:20
98379837
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
Surat: Surat: Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Döwlet Baştutanyň badalga bermegi bilen Aşgabadyň Welosiped binasyndan ugur alan ýöriş paýtagtyň gözel künjeklerini öz içine aldy. Welospedli ýörişiň dowamynda bellenilen ýerlerde aýdym-sazly çäreleriň, sport görkezme çykyşlarynyň ýaýbaňlandyrylmagy bu halkara baýramyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýöriş şäheriň merkezi böleginde Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy. Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerde welosipedli ýörişe gatnaşyjylara ýüzlenip, halk köpçüligini, aýratyn-da ýaşlary mundan beýläk-de bedenterbiýe-sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek boýunça toplumlaýyn işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi.