Russiýanyň ilçihanasynyň işgärleri ilçi Iwan Wolynkiniň ýolbaşçylygynda Aşgabatda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdylar.
Ýörişe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýolbaşçylyk etdi.
«Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Asylly däbe görä, bu köpçülikleýin bedenterbiýe çäresine gatnaşmak üçin diplomatik korpusyň wekilleri hem çagyrylýar. Türkmen paýtagtyndaky ýagyy howa russiýaly diplomatlaryň sport ruhuna hiç hili täsir etmedi, olar ilçi Iwan Wolynkin bilen bilelikde irki ýörişe uly höwes bilen goşuldylar» — diýlip, RF-niň Aşgabatdaky ilçihanasynyň habarynda aýdylýar.
Bütindünýä saglyk güni 1948-nji ýylyň şol gününde döredilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň esaslandyrylmagynyň hatyrasyna 7-nji aprelde bellenilýär.