Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny adamzadyň belent ynsanperwer däplerini dabaralandyrýan halkara baýram — Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany Gutlagynda Bütindünýä saglyk gününiň jemgyýetiň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan sene hökmünde milli senenamada aýratyn orun tutýandygyny, onuň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş, medeni çäreleriň geçirilmegi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Türkmenistanyň abraýyny dünýä ýaýýandygyny belleýär.
«Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran bitewi, dowamly hem-de strategik döwlet syýasaty esasynda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda taryhy Kararnamanyň, şeýle hem «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanylmagy tutuş halkymyzy çäksiz buýsandyrdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri», Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň ählumumy ösüşiň, abadançylygyň, rowaçlygyň bähbidine amala aşyrýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň oňyn netijesidir» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlag hatynda aýratyn nygtaýar.
Gutlag hatynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Bütindünýä saglyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanyň gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.