Turkmenportal logo
Şu gün 10:30
61776177
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gurbanguly Berdimuhamedow Serdar Berdimuhamedowy Bütindünýä saglyk güni mynasybetli türkmen halkynyň adyndan tüýs ýürekden mähirli gutlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň içeri we daşary syýasy ähmiýetli wakalara baý günlerinde dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär.

Gutlag hatynda: «Esasy Kanunymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy yglan edilip, Siziň tagallalaryňyz bilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Güneşli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap hassahanalar, şypahanalar, sagaldyş-dynç alyş merkezleri hem-de saglyk öýleri yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Bedew batly, okgunly ösüşler bilen barha öňe barýan berkarar Watanymyzda maşgala lukmançylygyny ösdürmek, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini artdyrmak, ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullaryny kämilleşdirmek, bejeriş, şypahana edaralarynyň işini has-da gowulandyrmak, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler Siziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygaryňyzy has-da dabaralandyrýar.

Siziň belleýşiňiz ýaly, halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugry bolup durýar. Siziň tagallalaryňyz bilen beýik ösüşlere beslenýän zamanamyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmekde amala aşyrylýan maksatnamalar, ylmy-nazary başlangyçlar, lukmançylyk diplomatiýasynyň ilerledilmegi ýurdumyzda halkyň saglygyny goramaga döwletiň iň gymmatly baýlygynyň goralmagy hökmünde garalýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Kararyňyz bilen «Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» tassyklanylmagy adamlaryň saglygyny goramak, lukmançylyk ylmyny kämilleşdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň giň gerimde alnyp barylýandygynyň aýdyň mysalydyr. Häzirki günlerde paýtagtymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezlerini, Stomatologiýa merkezini, «Arçman» şypahanasynyň 400 orunlyk täze binalar toplumyny ulanmaga bermek bilen bagly alnyp barylýan düýpli işler hem şu asylly maksatdan ugur alýar» diýlip döwlet Baştutanynyň ýurtda bu ugurda alyp barýan işlerine mynasyp baha berilýär hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowa Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagynyň gowşurylmagynyň ýurtda saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan işlere we gazanylýan üstünliklere dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan berilýän ýokary bahanyň nyşanydygy aýdylýar.

Türkmen halkynyň Milli lIderi Gutlagynyň ahyrynda dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanynyň janynyň sag, ömrüniň uzak, başynyň dik, mertebesiniň belent, halkyň bagtyýarlygynyň, ýurduň abadançylygynyň bähbidine amala aşyrýan beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagy arzuw edilýär.