Turkmenportal logo
Şu gün 09:40
53445344
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly mugallymlar Hindistanda tejribelerini artdyrýarlar

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde Hindi tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk (ITEC) okuw maksatnamasynyň çäginde tejribelik geçýärler.

30-njy martda başlanan maksatnama 10-njy aprele çenli dowam edýär diýlip Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Maksatnamanyň esasy ylmy-amaly ugurlary institusional we strategiki meýilleşdirişi amala aşyrmakdan, bilim ýolbaşçylygy we dolandyryşyň täzeçil usullaryny öwrenmekden, bilimiň hilini üpjün etmegiň halkara standartlaryny we maliýe meýilleşdirilişi we sanly tehnologiýalary bilim ulgamyna ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Okuwyň dowamynda interaktiw seminarlar, toparlaýyn ylmy işler we tejribe alyşmalary guralýar.

Okuw sapaklary bilim dolandyryşy ulgamynda dünýä belli professorlar we hünärmenler tarapyndan ýokary derejede geçirilýär.

Türkmen wekilleri ýurduň bilim ulgamyndaky gazananlary barada çykyş edip, halkara tejribesini öwrenýärler. Şeýle hem Bilim tehnologiýalarynyň merkezi institutyna hem-de Milli bilim gözlegleri we okuw geňeşine guralan okuw saparlary gatnaşyjylara Hindistanyň bilim strategiýasyny we tehnologik binýadyny ýakyndan öwrenmäge mümkinçilik berdi diýlip, habarda bellenilýär.