Türkmenistanyň Mejlisinde ýanwar — mart aýlarynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen maslahatda ýurduň milli kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilen işler ara alnyp maslahatlaşyldy we öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Bu barada Mejlisiň resmi saýtynda habar berildi.
Maslahatda täze kanun taslamalaryny taýýarlamagy dowam etdirmek hem-de hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek we ony halkara hukugyň umumy ykrar kadalaryna laýyk getirmek barada öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp, hasabat döwründe Mejlisde döredilen iş toparlarynda ministrliklerden hem-de döwlet dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipleriň esasynda, raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini durmuşa geçirmäge, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen işler barada bellenildi. Şeýle hem kärhanalarda, edaralarda, guramalarda buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmäge, telekeçilik işini ösdürmäge, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramaga, migrasiýa hem-de gümrük gulluklarynyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen we başga-da birnäçe ugurlara degişli kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barlan işler barada bellenildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine şu ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, Merkezi saýlaw toparynyň, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri bilen bilelikde bu syýasy-jemgyýetçilik çäräniň ähmiýetini we saýlaw kanunçylygyny düşündirmekde guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermek boýunça geçirilen işler bellenildi.
Maslahatda edilen çykyşlarda halkara guramalar we dünýä ýurtlarynyň parlamentleri bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň möhüm ähmiýeti barada durlup geçildi.