Turkmenportal logo
Şu gün 08:51
44394439
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda «Frankofoniýa – 2026» bäsleşikleriniň netijeleri jemlendi

«Frankofoniýa–2026» festiwalynyň dabaraly jemleýji çäresi we ýeňijileri sylaglamak dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Şu ýyl Frankofoniýa «Hereketde» diýen şygar bilen geçirildi. Bäsleşikler Türkmenistandaky Fransuz instituty tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi bilen bilelikde hem-de fransuz dilinde gepleýän ýurtlaryň — Belgiýanyň, Rumyniýanyň, Şweýsariýanyň, Kanadanyň diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle hem Ermenistanyň, Ukrainanyň ilçihanalarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň goldaw bermegi bilen guraldy.

Festiwalyň maksatnamasyna aýdym-saz bäsleşigi, düzme ýazmak bäsleşigi we diliň dogry ýazuwy boýunça dilden bäsleşik girizildi. Olaryň saýlama tapgyrlary mart aýynda geçirildi.

Bäsleşikleriň ýeňijilerine festiwalyň guramaçylary we hemaýatkärleri tarapyndan diplomlar hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Her ýylyň 20-nji martynda bellenilýän Halkara Frankofoniýa güni dünýäniň fransuz dilinde gepleýän ilatyny we fransuz dilini söýýänleriň ählisini birleşdirýär. Bu baýram Türkmenistanda her ýyl giň gerimli festiwal bilen bellenilip, ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär.