Turkmenportal logo
Düýn 22:28
69756975
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Prezident: Bütindünýä saglyk güni ýokary derejede geçirilmelidir
Surat: Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan»  habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda welaýatlarda gowaça ekişi dowam edip, ekiş möwsümini bellenilen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekişde oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde netijeli işledilmegine doly üns berilýär. Şunuň bilen birlikde, ýurduň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlerini ekmek hem-de bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri utgaşykly alnyp barylýar. Ýurtda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda pile öndürijilere ýüpek gurçugynyň tohumlaryny paýlamak hem-de olara talabalaýyk ideg etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle hem şu ýyl açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriň barşy barada hasabatlar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de welaýatlaryň gowaça ekişiniň bellenilen möhletlerde geçirilmegini, bugdaýa we ýazlyk ekinlere ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigini belledi. Bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatlarda meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmegiň, şu ýyl welaýatlarda gurulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmek babatda degişli tabşyryklary berdi.