Turkmenportal logo
Şu gün 11:49
43524352
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystanyň Strategik barlaglar institutynyň direktory bilen duşuşyk gecirildi

31-nji martda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçisi Batyr Rejepow Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Gazagystan strategik barlaglar institutynyň (GSBI) direktory Žandos Şaýmardanow bilen duşuşdy. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Konstruktiw häsiýetli söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn özara hereketleriň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Mundan başga-da, sebitde durnukly ösüşi üpjün etmekde Türkmenistanyň eýeleýän möhüm ornuna aýratyn üns berildi. GSBI-niň direktory Aşgabadyň işjeň ornunyň hem-de döredijilikli başlangyçlarynyň Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň geljekki Konsultatiw duşuşygynyň üstünlikli geçmeginiň girewi boljakdygyna ynam bildirdi.

Ilçi B.Rejepow gadymy hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtady. Iki ýurduň bilermenler we ylmy-seljeriş jemgyýetçilikleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda iki ýurduň hem Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda iki doganlyk halkyň has-da ýakynlaşmagyna gönükdirilen birnäçe bilelikdäki çäreleri geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy.