Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ýurduň ýaş raýatlaryny 6-njy aprel, 27-nji aprel we 8-nji maý günleri geçiriljek açyk gapylar gününe çagyrýar. Bu çäre 2026–2027-nji okuw ýylynda instituta okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärler üçin niýetlenendir. Çäreleriň başlanjak wagty — sagat 09:00.
Saparyň dowamynda myhmanlar ýurduň daşary syýasaty, ylym we bilim ulgamlarynda alnyp barylýan özgertmeler, hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary hem-de institutyň durmuşy barada wideofilm bilen tanşyp bilerler. Şeýle hem bu çärä gatnaşjak ýaşlar üçin «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýi, okuw studiýasy, Türkmenistanyň diplomatiýasynyň ileri tutýan ugurlary boýunça okuw merkezi, Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi hem-de ýöriteleşdirilen «Diplomatik protokol» okuw merkezi açyk bolar. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Giňişleýin maglumat institutyň resmi saýtynda ýerleşdirilendir: iirmfa.edu.tm.