Soňky habarlar

Arhiw

«TMCELL» aragatnaşyk operatorynyň hyzmatlaryndan telefon arkaly nädip peýdalanmaly

0
653305

Häzirki zaman aragatnaşyk operatorynyň esasy amatlyklarynyň biri-de, onuň hyzmatlaryndan uzak aralykdan, has takygy hiç bir ýere gitmezden smartfon arkaly onlaýn peýdalanyp bolýanlygydyr.

Bu babatda «TMCELL» aragatnaşyk operatory telefon arkaly girizip dürli hili zerur bolan maglumatlary almaga hem-de hyzmatlary birikdirmäge mümkinçilik berýän ýörite niýetlenen USSD kodlary ulanyjylara ýetirýär. Munda hyzmatlaryň aglabasyny telefondan gysga belgiler boýunça SMS ýollamalaryny iberip birikdirip bolýar.

Kodlaryň köpüsi 4 belgiden ybarat bolup, olary ýatda saklamak hem ýeňildir. Köp belgili kodlar bolsa diňe zerurlyga görä seýrek ulanylýar. Olaryň käbirlerini ýygy-ýygydan (mysal üçin, hasabyňy barlamak), käbirini bolsa kähalatlarda, ýene birini bolsa diňe bir gezeklik peýdalanýarys. «TMCELL» hyzmatlary üçin peýdalanylýan kodlar şulardan ybarat:

Hyzmatlar üçin:

- Esasy menýu — *0809#

Dil saýlamak — *0809*0* (iňlis dili üçin — 1# goşmaly, türkmen dili üçin — 2# goşmaly, rus dili üçin — 3# goşmaly)

- Jaňlary başga salga ýollamak üçin — *0809*2*5*1# (hyzmaty öçürmek üçin *0809*2*5*0#)

- Jaňa liniýada garaşmak — *0809*2*1*1# (hyzmaty öçürmek üçin *0809*2*1*0#)

- Öz belgiňi anyklamagy gadagan etmek — *0809*2*3*1# (hyzmaty öçürmek üçin *0809*2*3*0#)

- Belgini anyklamagy gadagan etmegiň öňüni almak — *0809*2*4*1# (hyzmaty öçürmek üçin *0809*2*4*0#)

- Halkara derejesine çykmak hyzmaty — *0809*1*2# (öçürmek üçin *0809*1*1#)

- Rowming birikdirmek — *0809*1*3*1# (öçürmek üçin *0809*1*3*0#). Rowming hyzmatyny birikdirmek üçin hasabyňda azynda 525 manat bolmaly we «Halkara jaňlar» hyzmaty birikdirilen bolmalydyr.

- Gudogyň ýerine saz goýmak — munuň üçin 1010 belgisine jaň edip, hyzmatyň dilini hem-de sazy saýlap bilersiňiz (hyzmaty öçürmek üçin hem 1010 belgä jaň etmek bilen dili saýlap, «öçürmek» hyzmatyndan peýdalanmaly)

- «Ses habarnamasy» hyzmatyny birikdirmek — munda ses habarnamasyny ugratmagy düşündirýän gözükdirme almak üçin 0815 belgisine jaň etmeli

- «Çäksiz saz» hyzmaty — munuň üçin Google Play ýa-da AppStore internet dükanyndan «Tmcell sazz» ykjam goşundysyny ýükläp almaly we *0809*11# USSD kody arkaly hyzmaty birikdirmeli (Hyzmatyň bir aý möhlet üçin 10 manat tölegi bar)

- Mundan başga-da, Mobile TV hyzmatyny birikdirip bolýar. Bu hyzmaty ýola goýmak üçin 4G interneti kabul edip bilýän 2100 MHz ýygylykly telefon we 4G LTE internetiň açylan bolmagy zerurdyr. Şunuň bilen birlikde hem Google Play ýa-da AppStore internet dükanyndan onuň ykjam goşundysyny ýüklemeli. Hyzmaty birikdirmegiň kody — *0809*2*10*1#.

«Ulgamda» habarnamasynyň hyzmaty

- Size jaň edýän abonente siziň ulgamdadygyňyz baradaky habarnamany ibermek üçin 0880 belgisine «A1» ýazgyly SMS ýollamaly (hyzmaty öçürmek üçin şol belgä «A0» ýazgyly SMS ýollamaly)

- Beýleki abonentiň ulgamdadygy baradaky habarnamany almak üçin 0880 belgisine «C1» ýazgyly SMS ýollamaly (hyzmaty öçürmek üçin şol belgä «AC» ýazgyly SMS ýollamaly)

- Siziň belgiňiziň elýeter däldigi baradaky habarnamany ibermek üçin 0880 belgä SMS ýollamaly. Habarnamada TEXT ýazgysyny ýazyp, yzyndan özüňize gerek jümläni ýazyp bilýärsiňiz. (Mysal üçin, «Az salymdan jaň ederin»)

Hyzmaty öçürmek üçin hem 0880 belgä TEXT ýazgysyny ibermeli).

Nyrhnamalary dolandyrmak

- Öz nyrh meýilnamaňy anyklamak — *0809*6*1*1#.

Nyrh meýilnamaňy çalyşmak

- Internet 50 - *0809*6*1*2*133#;

- Sowgat 1000+ - *0809*6*1*2*131#;

- Sowgat 2000 - *0809*6*1*2*130#;

- Sowgat 500 - *0809*6*1*2*140#;

- Çäksiz gepleşik - *0809*6*1*2*132#;

- Gürleşiber - *0809*6*1*2*126#;

- Sada - *0809*6*1*2*122#;

- Seniň ulgamyň 1 - *0809*6*1*2*119#;

- Amatly - *0809*6*1*2*109#;

- Tygşytly - *0809*6*1*2*106#;

- 3G – Internet WCDMA - *0809*6*1*2*104#.

Aýlyk internet-bukjany birikdirmek

- Internet 3 (50 Мb) - *0850*3#;

- Internet 5 (100 Мb) - *0850*5#;

- Internet 15 (500 Мb) - *0850*15#;

- Internet 55 (1 Gb) - *0850*55#;

- Internet 160 (4 Gb) - *0850*160#;

- Internet 350 (10 Gb) - *0850*350#.

Hasaby barlamak

- Häzirki hasabyňy barlamak — *0800#

- Şu aýdaky hasabyňy barlamak — 0807 belgä boş SMS habarnamasyny ibermeli

- Geçen aýdaky hasabyňy barlamak — 0807 belgä «1» ýazgyly SMS habarnamasyny ibermeli

- Siziň adyňyzda duran başga bir belginiň hasabyny barlamak üçin 0806 belgä +9936Х XX XX XX görnüşde degişli belgini ýazyp SMS habarnamasyny ugratmaly

Şahsy otaga girmek

Munuň üçin 0831 belgä boş SMS habarnamasyny iberip, girmäge mümkinçilik berýän kody almaly

Töleg

- Karz tölegini — «Ynamdar tölegi» geçirmek üçin — *8888#

- Bir belgiden başga bir belgä pul geçirmegi gadagan etmek — *0809*4*4*1# (gadagan etmäni ýatyrmak üçin *0809*4*4*0#)

Bulardan başga-da, bu operatorda bank kartyň arkaly hasabyňy doldurmak mümkinçiligi bar. Munuň üçin Google Play ýa-da AppStore internet dükanyndan «TMCELL Töleg» ykjam goşundysyny ýüklemeli.

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar