Angliýanyň Wusterşir graflygynyň Uiçenford obasynda ýaşaýan är-aýal Pamela we Alister Tompsonlar garaşylman durkalar, hakyky «pul agajynyň» eýeleri boldular diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. Ýagny olaryň satyn alan Wollemi sosna agajy bahasy 6 müň dollarlyk tohum getirýän ekeni.
Ýagny, sosna dünýäde iň seýrek ösümlikleriň biridir. Onuň ýaşy 200 million ýyl hasaplanýar we ony «dinozawrlaryň sosnasy» diýip atlandyrýarlar. Köp wagt bäri ol ýitip ýok bolandyr öýdülýärdi, 1994-nji ýylda bolsa, Awstraliýanyň Wollemi milli seýilgähiniň barmasy kyn ýerinden bu agaçlaryň binäçe sanysyny tapmak başartdy. Şondan soňra Awstraliýanyň hökümeti ol ösümlikleri goramaga başlady, onuň ösdürilip ýetişdirilen bir bölegi görnüşi saklamak maksady bilen, satuwa çykaryldy. 2010-njy ýylda Tompsonlar onuň nahallarynyň birini satyn alyp, öz baglarynda oturtdylar. 14 ýyldan soňra bag ilkinji miweleri berdi. Är-aýal onuň bäş sany iri hasylyny edindiler, olaryň her birinde 100-e çenli tohum bar.
Sosnanyň getiren tohumlarynyň arkasyndan baýap biljekdiklerine garamazdan, Tompsonlar olary arzan satyp, düşen girdejileri haýyr-sahawata bagyş etmekçi bolýarlar.
«Biz bu agajyň adamlar üçin elýeterli bolmagyny isleýäris. Eýsem-de bolsa, ony diňe geljek nesiller üçin gorap saklamak däl-de, beýlekileri-de tebigaty goramaga ruhlandyrmak wajypdyr» diýip är-aýal aýdýar.
