Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglanyşykly geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 38 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle hem Beýik Britaniýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük, aşgarlanmadyk nah mata ýerlenildi.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin binýatlyk ýagy we nebit ýol bitumyny («Türkmennebit» döwlet konserni), pagta süýümini, el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 97 million manatdan gowrak boldy.
