boýunça amatly we ygtybarly hyzmatlary üpjün etmek maksady bilen çaparçylyk gullugynyň işini işjeň ösdürýär we kämilleşdirýär. Gulluk ibermeleriň salgysy boýunça hökmany elden ele gowşurmagy kepillendirýär.
Bu hyzmat harytlary, sowgatlary we möhüm resminamalary ibermekde giňden ulanylýar. Kompaniýa ýükleri ibermegiň ähli tapgyrlarynda olaryň goraglylygyny üpjün edýär, bu bolsa işlenilen logistiki çemeleşmelere we ýörite taýýarlygy geçen çaparlara esaslanýar.
Eltip bermek hyzmatyndan peýdalanmak üçin müşderilere hödürlenýän amatly usullar:
- Telefonyň üsti bilen çapary çagyrmak: (+993 12) 92 14 95;
- ÇaparPay ykjam goşundysy arkaly onlaýn sargyt etmek.
«Türkmenpoçta» çaparçylyk hyzmatlaryny ýurdumyzyň ähli sebitlerinde has elýeterli etmek maksady bilen, bu hyzmatyň yzygiderli ýagdaýda barha amatly bolmagyny üpjün edýär. Kompaniýanyň geljekki meýilnamasynda — çaparçylyk gullugynyň hyzmatlarynyň görnüşlerini hem-de geografiýasyny giňeltmeklik göz öňünde tutulýar.