Turkmenportal logo
18.05.25
2652126521
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlaýar
Türkmenistan 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlaýar

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak işlerini guramak we olary 2025-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli Ministrler Kabinetine bermek, bu taslamalary taýýarlamak üçin hasaplama görnüşlerini we usulyýet görkezmelerini ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine 2025-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli ibermek, bu taslamalary taýýarlamak üçin hünärmenlerden ybarat iş toparyny döretmek we onuň işini netijeli guramak tabşyryldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.