Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistandaky Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebinde döredijilik duşuşygy guraldy

15:3530.04.2025
0
14213
Täjigistandaky Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebinde döredijilik duşuşygy guraldy
Surat: Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi

29-njy aprelde Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dusti etrabynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky 8-nji orta mekdebinde döredijilik duşuşygy geçirildi. Türkmen-täjik dostlugyny berkitmäge bagyşlanan çäre Täjigistanyň Ýazyjylar bileleşigi, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasy, Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiň ýolbaşçylygy we Täjik türkmenleriniň medeni jemgyýeti tarapyndan bilelikde guraldy. Çärä ýazyjylar, şahyrlar, žurnalistler, bilim we ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri, şeýle hem mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Duşenbedäki ilçihanasy habar berdi.

Çärede edilen çykyşlarda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän bu mekdebiň Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky dostlugyň nyşanydygy bellenildi. Şeýle-de parahatçylyk we ynanyşmak düşünjelerini wagyz edýän Magtymguly Pyragynyň şahyrana mirasynyň ynsanperwer we ählumumy ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Çäräniň çäginde türkmen halyçylyk sungatynyň gazananlaryny şöhlelendirýän nusgalary öz içine alýan türkmen we täjik halklarynyň çeper mirasyna bagyşlanan sergi guraldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi diýlip, habarda bellenilýär.

Çäräniň medeni bölegini milli türkmen tansy bolan küştdepdini ýerine ýetiren Täjik türkmenleriniň medeni jemgyýetiniň tans toparynyň çykyşy jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň