«Dubaý şokoladynyň» meşhurlygynyň barha artmagy tutuş dünýäde pisse ýetmezçiligine getirdi diýip, «Financial Times» gazetine salgylanýan «rg.ru» ýazýar.
Habarda pisse pastasyndan, kataifi hamyryndan we süýtli şokoladdan ýasalýan dubaý batonjyklary blogerleriň köpsanly mahabaty netijesinde sözüň doly manysynda dünýä ähmiýetli azyga öwrüldi. Netijede, bu pissäniň bazar gytlygyny döretdi.
Emma munuň esasy sebäbi ABŞ-da geçen ýyl hoz hasylynyň bitginsiz bolmagydyr, sebäbi bu ýurt dünýäde esasy pisse öndüriji bolup durýar. Galyberse-de, hasylyň hiliniň has gowy bolmagy, ýagny şokoladyň we beýleki azyk önümleriniň önümçiliginde goşundy hökmünde peýdalanýan gabyksyz maňyzly hasylyň bitniksiz bolmagy pisse gytlygyny döretdi.
«Dubaý şokoladynyň» töweregindäki gopgun ýagdaýy has-da ýitileşdirdi. «CG Hacking» kompaniýasynyň wekiliniň sözlerine görä, «Dubaý şokolady» bilen aşa gyzyklanma sebäpli, pissäniň bahasy bir funt üçin 7,65 dollar bolanlygyndan 10,30 dollara çenli gymmatlady, pissäniň dünýädäki gory bolsa, tas tükendi diýse-de bolar diýlip, habarda bellenýär.