Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamyny döreder

10:1719.04.2025
0
21152

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde ýurduň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak we döwrebap çözgütlere esaslanýan innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň degişli Döwlet maksatnamasynda bellenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamyny döretmek we işe girizmek, bu ugurda işlejek hünärmenleri taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu bolsa maglumatlara elýeterliligi üpjün etmäge, ýurtda elektron hyzmatlaryň sanyny artdyrmaga giň mümkinçilikleri döreder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda sanly ykdysadyýeti yzygiderli ösdürmek, ähli pudaklary sanly ulgama geçirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, bu ugurda innowasion tehnologiýalaryň önümçilige giňden ornaşdyrylýandygyny belledi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna bu babatdaky işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň