Türkmenistan howanyň üýtgemegi bilen bagly ilkinji ýokary derejeli sebitleýin syýasy dialoga gatnaşdy

16:2920.06.2024
0
8816

Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýada arassa howa bilen geljegi gurmak» şygary bilen ilkinji ýokary derejedäki sebitleýin syýasy dialog geçirildi.

Uzdaily.uz saýtynyň habar bermegine görä, bu foruma Türkmenistany, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň degişli ministrlikleriň we edarlarynyň wekilleri, şeýle hem Aziýanyň we Ýewropanyň howanyň hilini dolandyrmak boýunça öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar.

Dialog Bütindünýä bankynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) goldaw bermeginde Özbegistanyň Ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ministrligi tarapyndan sebitdäki ýurtlaryň arasynda howanyň hapalanmagynyň öňüni almakda utgaşdyrylan çäreleri ýola goýmak we tejribeleri paýlaşmak maksady bilen guraldy.

Foruma gatnaşyjylar howanyň hapalanmagynyň netijeleri barada maglumat alyşmagyň usulyýeti bilen tanyşdylar hem-de howanyň hilini dolandyrmak babatda sebitleýin hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Dialoga gatnaşýan ýurtlaryň wekilleri öz hökümetleriniň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we howanyň hilini ýokarlandyrmak üçin degişli maksatnamalary işläp düzmäge ygrarlydyklaryny nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň