Soňky habarlar

Arhiw

27-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

12:5027.05.2024
0
10435

Türkmenistanda

1. 3-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda birnäçe sport çäreleri guralar. 27-nji maý – 3-nji iýun aralygynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginde welotrek boýunça Türkmenistanyň birinjiligini geçirmek göz öňünde tutulýar. 31-nji maý – 3-nji iýun aralygynda ýurduň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň gatnaşmagynda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary – Tejen – Aşgabat böleginiň ugry boýunça 335 kilometr aralyga welosipedli ýörişi geçirmek meýilleşdirilýär. 3-nji iýunda bolsa paýtagtda köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramak göz öňünde tutulýar.

2. Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli durky täzelenen «Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsi» dynç alyş seýilgähi açyldy. Seýilgähde durkuny täzeleýiş işleri iki ýylyň dowamynda alnyp baryldy. Täze karuseller, häzirki zaman katamaranlar we çagalar oýun meýdançalary peýda boldy. Uly ýaşly adamlar üçin karting ýaryş ýodasy dikeldildi. Şeýle hem seýilgähde täze 20 metrlik tans edýän çüwdürim döredildi. Onuň golaýynda döwrebap sport toplumy ýerleşýär.

3. «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi täze taslamalary we teklipleri hödürlemek, daşary ýurtly myhmanlary türkmen milli ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň we düzümleriniň üstünlikleri bilen tanyşdyrmak üçin özboluşly meýdança öwrüldi. Forumda Saras – Mary – Serhetabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň taslamasy teklip edildi. Uzynlygy 450 kilometre barabar bolan bu ýol giňligi 27,5 metr bolan dört zolakdan ybaratdyr.

4. Prezident Serdar Berdimuhamedow 10 sany halyça «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Hormatly atlar milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini dünýä ýaýmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly zähmeti, hünär ussatlygy nazara alnyp dakyldy.

5. Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda iki gatly 136 sany ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy. Täze ýaşaýyş toplumy paýtagtda ilaty döwrebap we amatly ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek boýunça şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Dünýäde

6. Iň owadan ýüz-keşbi bolan gyzlara täç gowşurylýan adaty gözellik bäsleşikleriniň ýerine, Belgiýada başga ugurly ýaryş geçirildi. Bu ýerde ýurduň «iň owadan içki dünýäsi bolan» zenanyny gözlediler. Bu ýaryşda esasy ölçegler beden bilen oňuşyklyk, ruhy gözellik we özüni kabul etmekdi. 23 ýaşdan 64 ýaş aralygyndaky 60 gatnaşyjy saýlama tapgyrlaryndan geçdiler, olar dokuz aýyň dowamynda özlerini söýmegi, özleri hakda alada etmegi we ynam gazanmagy öwrendiler.

Sport habarlary

7. Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Aýn» topary AFK Çempionlar ligasynyň finalynda Ýaponiýanyň «Iokogama Marinos» toparyny jemi 6-3 hasabynda ýeňip, çempion boldy. Bu Argentinanyň milli ýygyndysynyň öňki oýunçysy Ernan Kresponyň ýolbaşçylygyndaky «Al-Aýnyň» 2003-nji ýyldan bäri AFK Çempionlar ligasyndaky ikinji ýeňşidir. Aziýanyň esasy klub kubogyny alan BAE-niň topary 2025-nji ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

8. Çehiýanyň milli ýygyndysy öz ýurdunda geçirilýän hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň final oýnunda Şweýsariýanyň toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Üçünji ýer ugrundaky oýunda Şwesiýanyň milli ýygyndysy Kanadanyň toparyny 4:2 hasabynda ýeňdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň