«Asuda akym» kompaniýasy Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alnan ýokary hilli çig maldan peýdalanmak bilen, «Şir Ýag» haryt nyşanly çalgy ýaglaryny öndürýär.
Hojalyk jemgyýetiniň wekiliniň belleýşi ýaly, bu ýerde ýokary hilli çig malyň, import edilýän goşundylaryň hem-de özboluşly tehnologiýalaryň ulanylmagy dünýä derejesine eýerýän önümleri döretmäge mümkinçilik berýär.
Ýyllyk önümçilik kuwwaty 20 000 tonna barabar bolan zawod oba hojalyk tehnikasy, gidrawlika ulgamlary, şeýle hem ýeňil awtoulaglaryň, ýük awtoulaglarynyň we täjirçilik ulaglarynyň hereketlendirijileri üçin niýetlenen 25 görnüşli önüm öndürýär.
«Şir Ýag» çalgy ýaglaryny Türkmenistanyň islendik ýöriteleşdirilen ulag ätiýaçlyk şaýlarynyň dükanyndan tapmak bolýar.
«Şir Ýag» çalgy ýaglarynyň haryt görnüşlerini has giňişleýin kärhananyň siryag.com web saýtyndan öwrenip bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin salgylar:
- ýerleşýän ýeri: Aşgabat ş., Täçmämmet Suhangulyýew köçesi, 43-nji jaý;
- telefon belgisi: (+993 61) 41 32 72.
Şeýle-de okaň: