Arhiw

«Asuda akym» HJ «Şir Ýag» motor ýaglaryny bir litrlik amatly gaplarda hödürleýär

11:0517.04.2024
0
10541

Her bir awtoulag sürüjisi hereketlendirijiniň ýagynyň derejesini yzygiderli barlamalydygyny bilýär. Derejäniň iň pese düşmegi bilen, bir sowal ýüze çykýar: täze kanistr satyn almalymy ýa-da diňe gerekli mukdary goşmalymy?

«Asuda akym» hojalyk jemgyýeti bu ýagdaýyň çözgüdini hödürleýär.

Indi türkmen raýatlary «Şir Ýag» motor ýaglaryny 1 litrlik amatly gaplarda satyn alyp bilerler. Bu ulagy ýag bilen üpjün etmegiň iň oňat çözgüdidir, sebäbi uly kanistr üçin artykmaç pul tölemek zerurlygy bolmaýar.

«Şir Ýag» — bu hereketlendirijiniň könelmeginden goraýan we poslama garşy ygtybarly goragy üpjün edýän, şeýle hem ýangyjyň sarp edilmegini azaltmaga kömek edýän häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly işlenip düzülen ýokary hilli motor ýaglarydyr.

«Asuda akym» hojalyk jemgyýeti şu maksatlar üçin niýetlenen çalgy ýaglarynyň köpdürli görnüşlerini (25 görnüş) hödürleýär:

  • ýolagçy awtoulaglary we ýeňil ulaglar;
  • agyr ýükleri göterýän söwda ulaglary;
  • oba hojalyk ulag serişdeleri;
  • dişli geçiriji we transmissiýa;
  • senagat.

«Şir Ýag» çalgy ýaglarynyň Türkmenistandaky bu ugra ýöriteleşdirilen dükanlaryň ählisinde bardygyny ýatladýarys.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Täçmämmet Suhangulyýew köçesi, 43-nji jaý;
  • telefon belgileri: (+993 61) 41 32 72;
  • web saýty: siryag.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň