Motor ýaglaryny öndürýän «Asuda akym» türkmen kärhanasy Owganystanyň bazaryna çykýar

17:2409.04.2024
0
21787

«Şir Ýag» haryt nyşanly çalgy ýaglary bilen tanalýan «Asuda akym» hojalyk jemgyýeti önümlerini Owganystanyň bazaryna çykarmak üçin «B&B Group Limited» (BAE) firmasy bilen dilerlik şertnamasyny baglaşdy. Bu hyzmatdaşlyk şertnamasyna Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisiniň çäklerinde gol çekildi.

«Bu ädim — halkara bazardaky ornuny barha pugtalandyrýan «Asuda akym» kärhanasynyň ösüşinde örän möhüm tapgyr» diýip, kärhananyň hünärmeni belleýär.

«Asuda akym» HJ «Şir Ýag» haryt nyşanly ýokary hilli çalgy ýaglaryny öndürmäge ýöriteleşendir.

Kärhana önümçilik işlerinde önümiň ýokary hilini kepillendirýän ösen tehnologiýalary we barlagdan geçen çig mallary ulanýar. «Şir Ýag» önümleri täsirli ulanylyş aýratynlyklary bilen tapawutlanýar we ulagyň düzüm bölekleriniň hem-de mehanizmleriň ygtybarly goragyny üpjün edýär.

«B&B Group Limited» firmasy bilen hyzmatdaşlyk etmek «Asuda akymyň» geljegi uly owgan bazaryna çykmagyna hem-de eksport mukdaryny ep-esli artdyrmagyna mümkinçilik döreder.

Kärhana geljekde üpjünçiliginiň geografiýasyny giňeltmegi we täze bazarlary özleşdirmegi maksat edinýär.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Täçmämmet Suhangulyýew köçesi, 43-nji jaý;
  • telefon belgileri: (+993 61) 41 32 72;
  • web saýty: siryag.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň