«Rowachlan Galkynysh» ürgün materiallary gaplamak we daşamak üçin tutawaçly big-begleri hödürleýär

11:3729.03.2024
0
10694

Polipropilen gaplaýyş önümlerini öndürmeklige we eksport etmeklige ýöriteleşen «Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasy 2 we 4 tutawaçly big-begleri hödürleýär. «Rowachpack» brendi astynda öndürilýän ýumşak konteýnerler dürli ürgün materiallary: azyk önümlerini, gurluşyk materiallaryny, himiýa serişdelerini, senagat harytlaryny gaplamak we daşamak üçin amatlydyr.

Tutawaçly «Rowachpack» konteýnerleri ýokary hilli polipropilen matadan taýýarlanýar. Big-begler ýokary agrama çydap bilýär we daşarky täsirlere garşy durnuklydyr. Olar çyglylygyň, ultramelewşe şöhlelenmesiniň täsiri astynda we temperaturanyň üýtgemeginde deformirlenmeýär.

«Rowachpack» big-begleriniň ölçegleri:

  • 2 tutawaçly: 75*75*125, 150sm, 120gr inedördül metr.
  • 4 tutawaçly: 95*95*130, 190sm, 140gr inedördül metr.

«Rowachlan Galkynysh» HK-nyň polipropilen gaplaýyş önümleri ýokary hilli, ygtybarly we ajaýyp ulanyş aýratynlyklaryna eýedir» diýip, kompaniýanyň wekili belledi.

«Rowachlan Galkynysh» HK-nyň wekilleri bilen şu telefonlar: (+993 62) 29 29 69 we (+993 12) 29 29 69, ýa-da elektron poçta salgysyna ýazmak arkaly habarlaşyp bilersiňiz: rowachpack@gmail.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň