Polipropilen haltalary öndürmek bilen meşgullanýan «Rowachlan Galkynysh» HK daşary ýurtly hyzmatdaşlary hyzmatdaşlyga çagyrýar

10:4326.10.2023
0
18336

«Rowachpack» haryt nyşany bilen polipropilen gaplaýyş önümlerini öndürýän «Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasy eksport mümkinçiligini artdyrýar we daşary ýurtly telekeçileri hyzmatdaşlyga çagyrýar.

«Rowachpack» haryt nyşanly önümlere azyk harytlaryny saklamak üçin polipropilen haltalar, şeýle haltalary tikmek üçin rulonlar, şeýle hem «big-begler» (uly gaplar) – ýörite ýük götermek üçin bölümleri bolan 300-3000 kg sygymly ýumşak gaplar girýär. «Rowachlan Galkynysh» önümlerini Russiýa we GDA-nyň beýleki ýurtlaryna diňe eksporta iberýär. Kompaniýa harytlaryny ýerlemegiň geografiýasyny giňeltmegi hem-de Ýewropadan we Günorta Amerikadan alyjylar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, kompaniýa beýleki ýurtlardaky işewür toparlaryň wekilleri bilen işewürlik gatnaşyklary ýola goýmak üçin yzygiderli işleýär.

Şeýle hem kärhana müşderiniň ol ýa-da beýleki talaplaryna laýyklykda, ýumşak polipropilen gaplary taýýarlamak boýunça aýratyn sargytlary ýerine ýetirýär.

Polipropilen gaplar ýokary berkligi, zaýalanma garşy durnuklylygy, ekologiýa taýdan arassalygy we köp gezek ulanylmak mümkinçiligi bilen tapawutlanýar. Olary taýýarlamak üçin çig mal hökmünde diňe başlangyç, ýagny gaýtadan işlenmedik polipropilen peýdalanylýar.

«Rowachlan Galkynysh» HK-nyň telefon belgileri: (+993 62) 29 29 69, (+993 12) 29 29 69. Elektron poçta: rowachpack@gmail.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň