Soňky habarlar

Arhiw

«Rowachpack» önümleri – ürgün gurluşyk materiallaryny gaplamak üçin iň gowy çözgütdir

11:2807.09.2023
0
35054

Ürgün gurluşyk materiallaryny saklamak we daşamak üçin gaplama torbalaryndan (haltalardan) aýratyn ýagdaýlary talap edýär. Olar ýokary mehaniki berkligi, himiki bitaraplygy we çyglylyga garşy durnuklylygy bilen tapawutlanmalydyr, uly agramlara, şeýle hem dik ýagdaýda saklanylanda düşýän agrama çydamly bolmalydyr.

«Rowachlan Galkynysh» eksport ugurly hususy kärhanasy tarapyndan öndürilen «Rowachpack» polipropilen haltalar bu talaplaryň ählisini kanagatlandyrýar.

Kompaniýa sement, gips, keramzit, çäge, hek, gury garyndylar we beýleki ürgün gurluşyk materiallaryny gaplamak bilen bir hatada, başga maksatlar üçin hem ulanylýan PP haltalary we rulonlary, «big beg» torbalaryny öndürýär. «Rowachpack» gaplaýyş haltalarynyň sygymy 20 kg-dan bir tonna çenlidir («big beg» torbalary). Zawod ýylda 6000 tonna önüm öndürýär.

Döwrebap enjamlarda öndürilen we diňe başlangyç (gaýtadan işlenmedik) çig maldan taýýarlanylýan ýokary hilli önümler Russiýa we GDA-nyň beýleki ýurtlaryna üstünlikli eksport edilýär.

2023-nji ýylda «Rowachlan Galkynysh» ISO 9001:2015 «Hil menejmenti ulgamy. Talaplar» atly halkara şahadatnamasyna mynasyp boldy, onuň işi dürli baýraklar we diplomlar bilen sylaglandy.

Şeýle hem kärhana müşderiniň talaplaryna we isleglerine laýyklykda, hususy sargytlary ýerine ýetirýär. Kompaniýanyň önümlerini, azyndan, 300 000 sany halta ýa-da 22 tonna möçberinde satýandygyny bellemek möhümdir.

«Rowachlan Galkynysh» HK-nyň wekilleri bilen telefon arkaly habarlaşyp bilersiňiz: (+993 62) 29 29 69, (+993 12) 29 29 69, ýa-da e-mail salgysyna ýüz tutup bilersiňiz: rowachpack@gmail.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň