Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen talyby Daşkentde halkara sylaga mynasyp boldy

15:5613.03.2024
0
26921

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Serdar Rahymow Daşkent şäherinde geçirilen halkara ylmy-amaly bäsleşige gatnaşyp, ýeňiji bolmagy başardy. Baýrak gowşurylyş dabarasy Özbegistan Respublikasynyň Ýaragly Güýçleriniň akademiýasynda geçirildi. Zehinli türkmen talyby «Iň gowy hyzmatlary üçin» atly nyşanlary we şahadatnamasy bilen sylaglandy.

Bu halkara ylmy we amaly bäsleşik Özbegistan Respublikasynyň Ýaragly Güýçleri akademiýasynyň, Daşkent maliýe we ykdysadyýet uniwersitetiniň, Gözleg akademiýasynyň, Ylym merkeziniň, Özbegistanyň «Tadbirkor oýol» işewür aýallar birleşiginiň bilelikde guramgynda GDA ýurtlarynyň arasynda geçirildi.

Halkara bäsleşigiň esasy maksady jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna işjeň gatnaşýan, ylym, bilim we sport ýaly möhüm ugurlaryň ösüşine goşant goşup, yhlas bilen işleýän, hünärine wepaly ýaşlary ýüze çykarmak we olary höweslendirmekden ybaratdyr.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýene bir zehinli talyby Baýnazar Nepesowyň «GDA-nyň iň gowy ýaş alymy — 2023» atly taslamanyň ýeňijisi bolandygy barada hem habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň