Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ahalyň» gyşky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndaky soňky garşydaşy belli boldy

17:3227.02.2024
0
22443

«Ahalyň» Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilýän gyşky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndaky soňky garşydaşy belli boldy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berdi.

Serdar Geldiýewiň şägirtleri şu gün Finlýandiýanyň Helsinki şäheriniň «HIK» topary bilen güýç synanyşar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 18:00-da başlanar.

Ýeri gelende bellesek, «Ahal» Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsümine taýýarlyk görmek üçin Antalýa şäherinde guralan okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda şu wagta çenli 7 sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Serdar Geldiýewiň şägirtleri şolaryň 1-inde ýeňiş gazandylar hem-de 6 oýunda ýeňlişe sezewar boldular. «Ahalyň» garşydaşlary Ukrainanyň «Obolon» (1:3) we «Aleksandriýa» (0:3), Koreýa Respublikasynyň «Gangwon» (0:2), Özbegistanyň «AGMK» (0:3), Germaniýanyň «Fraýberg» (2:3), Latwiýanyň «Riga» (1:0) we «Auda» (0:1) toparlary boldy.

Maglumat üçin, «Ahal» geçen möwsümde Serdar Geldiýewiň tälimçilik etmeginde Türkmenistanyň Ýokary ligasynda 9 toparyň arasynda 4-nji orny eýeledi.

«Ahal» futbol kluby täze möwsümden öň özüniň logotipini hem üýtgetdi.

Topar täze möwsümde 2022-nji ýylda gazanylan çempionlyk titulyny yzyna gaýtarmagy meýilleşdirýär. Şu maksat bilen gyşky transfer möwsüminde topar öz düzümini alty sany oýunçy bilen güýçlendirdi. Has takygy, Azizbek Bekçanow we Ylýas Çaryýew (ikisi hem «Köpetdagdan»), Igor Sekow we Ýagşysähet Döwletgeldiýew (ikisi hem «Merwden»), Akmämmet Metdäýew («Nebitçiden»), şeýle-de Şyhdurdy Amandurdyýew («Şagadamdan») «Ahalyň» düzümine goşuldy. «Ahalyň» gyşky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndaky soňky garşydaşy belli boldy

«Ahalyň» Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilýän gyşky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndaky soňky garşydaşy belli boldy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berdi.

Serdar Geldiýewiň şägirtleri şu gün Finlýandiýanyň Helsinki şäheriniň «HIK» topary bilen güýç synanyşar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 18:00-da başlanar.

Ýeri gelende bellesek, «Ahal» Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsümine taýýarlyk görmek üçin Antalýa şäherinde guralan okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda şu wagta çenli 7 sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Serdar Geldiýewiň şägirtleri şolaryň 1-inde ýeňiş gazandylar hem-de 6 oýunda ýeňlişe sezewar boldular. «Ahalyň» garşydaşlary Ukrainanyň «Obolon» (1:3) we «Aleksandriýa» (0:3), Koreýa Respublikasynyň «Gangwon» (0:2), Özbegistanyň «AGMK» (0:3), Germaniýanyň «Fraýberg» (2:3), Latwiýanyň «Riga» (1:0) we «Auda» (0:1) toparlary boldy.

Maglumat üçin, «Ahal» geçen möwsümde Serdar Geldiýewiň tälimçilik etmeginde Türkmenistanyň Ýokary ligasynda 9 toparyň arasynda 4-nji orny eýeledi.

«Ahal» futbol kluby täze möwsümden öň özüniň logotipini hem üýtgetdi.

Topar täze möwsümde 2022-nji ýylda gazanylan çempionlyk titulyny yzyna gaýtarmagy meýilleşdirýär. Şu maksat bilen gyşky transfer möwsüminde topar öz düzümini alty sany oýunçy bilen güýçlendirdi. Has takygy, Azizbek Bekçanow we Ylýas Çaryýew (ikisi hem «Köpetdagdan»), Igor Sekow we Ýagşysähet Döwletgeldiýew (ikisi hem «Merwden»), Akmämmet Metdäýew («Nebitçiden»), şeýle-de Şyhdurdy Amandurdyýew («Şagadamdan») «Ahalyň» düzümine goşuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň