Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mejlisde Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi kabul edildi

01:1420.02.2024
0
27747
Mejlisde Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi kabul edildi
Surat: mejlis.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hose Luis Martines Ernandesden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy ilçini türkmen Parlamentiniň düzümi hem-de köpugurly işi bilen tanyşdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar geljekde parlamentara gatnaşyklary halkara parlament düzümleriniň çäklerinde işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hose Luis Martines Ernandes iki ýurduň bähbitlerine doly laýyk gelýän köpugurly we netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Ilçiniň şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliiginde hem kabul edilendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň