19-njy fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hose Luis Martinez Ernandesden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Ministriň orunbasary ilçini jogapkär wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar daşary syýasat edaralarynyň arasynda aragatnaşygy ýola goýmak we DIM-ara geňeşmeleri geçirmek arkaly syýasy-diplomatik ugry boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi boýunça pikirlerini beýan etdiler. Şeýle hem dürli halkara meýdançalarynda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Medeni-ynsanperwer we ylmy-tehniki ugurlardaky hyzmatdaşlygyň meselelerine seredilip geçildi. Saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk we atçylyk ugurlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.