Arhiw

Wan I: «Hytaý — Merkezi Aziýa» sammiti Hytaýyň daşary syýasaty üçin möhüm waka boldy

15:0111.01.2024
0
28394
Wan I: «Hytaý — Merkezi Aziýa» sammiti Hytaýyň daşary syýasaty üçin möhüm waka boldy
Surat: nopss.gov.cn

Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, daşary işler ministri Wan I 2023-nji ýylda Sian şäherinde döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen «Hytaý — Merkezi Aziýa» sammitini geçen ýylyň möhüm syýasy wakalarynyň hatarynda görkezdi. Ol bu barada 9-njy ýanwarda geçen ýylyň dowamynda Hytaýyň halkara giňişlikde gazanan üstünliklerine bagyşlanan ýygnakda belläp geçdi.

«Sinhua» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, hytaý diplomaty şol sammitde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň ýurduň Merkezi Aziýa boýunça alyp barýan daşary syýasatyny giňişleýin beýan edendigini, bäş döwletiň Baştutanlarynyň bilelikde has ysnyşykly «Hytaý — Merkezi Aziýa» hyzmatdaşlyk giňişligini döretmek kararyna gelendiklerini hem-de resmi sammitiň bu ugurdaky möhüm ädim bolandygyny nygtady.

— Sammitde birnäçe köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi, dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk meýilnamalary işlenilip düzüldi, Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk, Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň taslamasyny goldamak hem-de beýleki möhüm ugurlar boýunça ylalaşyklar gazanyldy. Bu taryhy sammit «Hytaý — Merkezi Aziýa» hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ulgamlaşdyrmak boýunça platformany gurluşyny tamamlady, gatnaşyjy döwletleriň gatnaşyklaryny täze derejä götermäge ýol açdy – diýip, Hytaýyň daşary işler ministri belledi.

Ýeri gelende bellesek, Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammiti 2023-nji ýylyň 19-njy maýynda Hytaýyň Sian şäherinde geçirilip, oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň