Ýakynda geçiriljek «Hytaý — Merkezi Aziýa» sammiti Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Bu sammitiň netijeleri boýunça döwlet Baştutanlary möhüm syýasy resminamalara gol çekerler. Muny Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Wan Wenbin mälim etdi diýip, «Sinhua» agentligi habar berýär.
Žurnalistler üçin geçirilen nobatdaky brifingde Wan Wenbin 18-19-njy maýda Şensi welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan (Demirgazyk-Günbatar Hytaý) Sian şäherinde geçiriljek sammite taýýarlyk barada gürrüň berdi.
Duşuşyga hytaý tarapynyň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşar.
Wan Wenbin Hytaýda geçirilýän bu ilkinji möhüm diplomatik çäräniň 31 ýyl mundan ozal diplomatik gatnaşyklar ýola goýlaly bäri alty döwletiň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän ilkinji ýüzbe-ýüz sammitidigini belledi. Şeýle hem onuň Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda möhüm tapgyr dygyny nygtady.
Wenbiniň aýtmagyna görä, sammitiň dowamynda Hytaýyň Prezidenti Si Szinpin möhüm söz sözlär, döwlet Baştutanlary Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşine syn bererler, Hytaý-Merkezi Aziýa mehanizminiň döredilmegi, dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk hem-de esasy halkara we sebitleýin meseleler barada pikir alşarlar.
«Biz taraplaryň ählisiniň bilelikdäki tagallalary bilen bu sammitiň Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklar üçin täze ösüş meýilnamasyny kesgitlejekdigine we hyzmatdaşlygyň täze döwrüne badalga berjekdigine ynanýarys» diýip, Wenbin aýtdy.