Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda näme üçin totyguşlar peýda boldy?! Ornitolog bu sowala jogap berdi

13:0810.01.2024
0
63793

Ornitolog, biologiýa ylymlarynyň doktory, professor Eldar Anwerowiç Rustamow «Turkmenportalyň» redaksiýasynyň Aşgabatda Krameriň totyguşlarynyň ýüze çykmagy bilen bagly sowalyna düşündiriş berdi. Bu türkmen alymy 1974-nji ýyldan bäri guşlary we ýerdäki beýleki oňurgaly haýwanlary öwrenmek bilen meşgullanyp gelýär. Ol 350-den gowrak ylmy neşiriň awtory hem-de Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň awtordaşydyr.

Hususan-da, alym paýtagtda ýabany guşlaryň barlygy baradaky ýagdaýyň üns bererlikdigini, emma munuň günortaly guşlar babatda üýtgeşik bir zat däldigini we olaryň bu ýere aralaşmagynyň mantykly bolmasa-da düşnüklidigini belleýär.

E.Rustamow Aşgabatda totyguşlaryň peýda bolandygy baradaky ilkinji ýazgyny 2014-nji ýylyň 16-njy fewralynda gündeligine ýazypdyr:

«Şol wagt meniň ýaşaýan ýerim bolan Teke bazarynyň töwereginde totyguşy gördüm. Üç ýyldan soň bolsa olar şäheriň merkezinde yzygiderli duşuşyp başladylar».

Totyguşlaryň bu görnüşi, köpelip, oturymly durmuş ýörelgesine başlandan soňra 2018-nji ýylda Aşgabatda we Türkmenistanda ýaşaýan guşlaryň sanawyna resmi taýdan girizildi. Ýeri gelende aýtsak, ýurtda ýaşaýan guşlaryň sanawynda 442 görnüş bar, olaryň 276-sy şäher ýerlerde hem duşýarlar.

Alym bu totyguşlaryň bu görnüşiniň, köplenç, dünýäniň dürli şäherleriniň ýaşaýjylary tarapyndan öý şeertlerinde saklanýandygyny, sebäbi onda adamyň gürleýşine öýkünmek üçin ukybyň bardygyny belleýär. 10 ýyl mundan ozal ilkinji gezek Aşgabatda görnüp ugran bu totyguşlar öz erkine boşadylan ýa-da tötänleýin kapasadan gaçan guşlardyr.

Alym E.Rustamowyň Aşgabatda totyguşlaryň peýda bolmagy bilen bagly pikirlerini has giňişleýin görnüşde saýtyň rus bölüminde okap bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň