Turkmenportal logo
18.12.23
1885418854
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Malaýziýada 6,5 müňden gowrak adam sil joşmasy sebäpli öýsüz galdy
Malaýziýada 6,5 müňden gowrak adam sil joşmasy sebäpli öýsüz galdySurat: en.vietnamplus.vn

Güýçli çabgalar zerarly dörän sil joşmalary düýn, ýekşenbede Malaýziýanyň dört ştatynda 6,5 müňden gowrak adamy ýaşaýan öýlerini terk etmäge mejbur etdi. Bu barada «Sinhua» habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» saýty ýazýar.


Ýagdaý has-da gündogar kenarýakadaky Kelantan we Terengganu ştatlarynda ýaramazlaşdy, ol ýerlerde 6370 adam sil joşmalaryndan ejir çekenlere kömek bermek boýunça merkezlerde ýerleşdirildi diýip, ýurduň Durmuş üpjünçiligi ministrligi habar berdi.


Malaýziýanyň meteorologik gullugy adatça oktýabrdan marta çenli dowam edýän demirgazyk-gündogar musson ýagyşlary sebäpli, güýçli ýagynlaryň ýagjakdygyny duýdurdy.


Şeýle-de okaň: