Garaşylmadyk çabga ýagyşlar sebäpli dörän sil joşmalary Amerikanyň Waşington ştatyny gark etdi. Bu barada «ABC News» habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» ýazýar.
Habarda ştatyň köp böleginiň çabgadan ejir çekendigi aýdylýar, netijede, suwuň derejesi derýalaryň käbirinde rekord derejä ýetip, ýollary we öýleri suw basypdyr.
Ştatyň paýtagtynyň käbir etraplary-da suwuň astynda galdy.
Halas edijiler suw basan ýollarda galan adamlary halas etmek üçin dikuçardan peýdalanýarlar.
Milli meteorologik gulluk öňdäki dynç günleri ýene-de güýçli çabga garaşylýandygyny habar berdi, ol täze şäherleri we ilatly ýerleri gark edip biler. Ştatyň çägindäki daglarda güýçli gar ýagmagyna garaşylýar.
Şeýle-de okaň: