Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Benin Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akambi Andre Okunlola-Biaudan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli Parlamentiň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.
Bellenilişi ýaly, söhbetdeşligiň dowamynda ilçi oňyn Bitaraplyk, «açyk gapylar» we deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga, bu gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny berkitmäge hem-de parlament we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga hemişe taýýardyklaryny beýan etdiler.
Ozal Benin Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň Daşary işler ministrliginde kabul edilendigini habar beripdik.

