Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Benin Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Akambi Andre Okunlola-Biauň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, ministriň orunbasary ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we munuň Türkmenistan bilen Benin Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösmegine itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar Türkmenistan bilen Benin Respublikasynyň arasynda BMG, EKOSOS we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde utgaşdyrylan hyzmatdaşlygyň geljegini nygtadylar.
Diplomatlar şeýle hem Türkmenistan bilen Benin Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri guramagyň, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we ösdürmegiň möhümdigini bellediler diýlip, habarda bellenilýär.