Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Dubaýda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna gatnaşar

23:4317.11.2023
0
28430

Şu ýylyň 30-njy noýabry — 12-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň (COP-28) 28-nji maslahatyna Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagyna taýýarlyk görülýär. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda aýdyldy.

Garaşylyşy ýaly, bu maslahat abraýly halkara guramalaryň we dünýäniň ýurtlarynyň köp sanly wekiliýetlerini birleşdirer. 1-2-nji dekabrda döwletleriň we hökümetleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda COP-28 maslahatynyň utgaşykly mejlislerini geçirmek meýilleşdirilýär. Maslahatyň işi howanyň üýtgemegine garşy durmagyň halkara maliýe binýadyny güýçlendirmek we bu ugurdaky hereketleri maliýeleşdirmekde hususy pudagy höweslendirmek; zeper we ýitgi gaznasynyň işini işjeňleşdirmek; azyk howpsuzlygyny üpjün etmek; suw meselelerini netijeli çözmek ýaly ugurlary öz içine alýar.

Plenar mejlisler bilen birlikde, howa meselelerine bagyşlanan ýokary derejeli ugurdaş çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

COP-28 maslahatynyň netijeleri boýunça halkara resminamalaryň birnäçesiniň kabul edilmegine garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, bu resminamalary öwrenmek we seljermek, şeýle hem Türkmenistanyň olara goşulmagy baradaky meselä garamak teklip edilýär.

Mundan başga-da, COP-28 maslahatyna Türkmenistanyň ugurdaş edaralarynyň gatnaşmagy, şeýle hem türkmen wekiliýetiniň 26--28-nji noýabrda Dubaý şäherinde howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatynda geçiriljek Ýaşlar maslahatyna gatnaşmagy baradaky teklip beýan edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplar bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi.

— Bu Konwensiýa gatnaşýan taraplaryň (COP-28) maslahatynyň 28-nji mejlisine gatnaşmaga düýpli taýýarlyk görmek zerurdyr — diýip, döwlet Baştutany nygtady we wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň